logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen medeniýeti

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Türkmen medeniýeti” atly söhbetdeşligi ýazgy edildi.

Türkmen medeniýeti we sözleýiş medeniýeti halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan baý mirasyny, edep-ekramyny we dil baýlygyny özünde jemleýär. Ol milli gymmatlyklary, dil kadalaryny we özara hormaty gorap saklamagy maksat edinýär. Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, halkara derejesindäki maslahatlar, kitaphana sergileri we medeni çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il- gün bähbitli, ýurt ähmiýetli Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.