logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen medeniýetim- türkmen sungatym

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň işgärleri “Türkmen medeniýetim-türkmen sungatym” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetde, sungatda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara eýe bolýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Adamzat geçen ýolunda medeniýeti, sungaty gülledip ösdürip, durmuşdaky öz ornuny belende götermegi başarandygyny, ata-babalarymyzdan häzirki nesillere ýetirilen medeni mirasymyz, däp-dessurlarymyz, milli sungatymyzyň merjenleri muňa şaýatlyk edýändigini beýan etdiler. Şeýle-de Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri halkara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, medeniýet, sungat ussatlarynyň tejribe alyşmaklaryna uly ýardam berýändigini belläp geçdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň kämilleşmegi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.