logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Türkmen milli göreşi” hakynda söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmen sporty” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Türkmen milli göreşi” hakynda halypa kitaphanaçylar bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde milli göreşiň döreýşi, gadymy döwürlerden bäri toý-baýramlaryň bezegi bolan pälwanlaryň gurnaýan ýaryşlary, olaryň geçiriliş düzgünleri barada söhbet etdiler. Mundan başga-da, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen milli göreşi boýunça geçirilýän ýaryşlar we ýeňiji bolan pälwanlar hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.