logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN MILLI OÝUNLARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet Neşirýat gullygynyň bilelikde guramagynda «Türkmen milli oýunlary» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler asyrlaryň dowamynda halk arasynda kämilleşip gelýän milli oýunlarymyz nesilden-nesile geçip, bagtyýarlyk döwrümizde gelip ýetendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen milli oýunlary çagalarda çalasynlygy, ünslüligi, pikirlenmegi we sabyrlylygy terbiýeleýändigi bu bolsa, ýaş nesillerde tutanýerliligi, maksada okgunlylygy we erjelligi döredýändigi barada söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.