logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen milliligimizi dünýä ýaýyp wagyz etmek

“Türkmen milliligimizi dünýä ýaýyp wagyz etmek” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda özüniň baý medeniýeti, sungaty we milli ýörelgeleri bilen dünýä swilizasiýasyna uly goşant goşup gelýär. Bu günki söhbetdeşlikde milli sungatymyz bolan keşdeçilik sungatymyz, senetçiligimiz hem-de bütindünýä giňişliginde milliligimizi wagyz etmegiň ähmiýeti barada söhbetler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.