logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN OJAGYNYŇ WEPALY SAKÇYSY

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen ojagynyň wepaly sakçysy» atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, şan-şöhradyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýändigi, türkmen alabaýlaryny goramak we köpeltmek, tohum arassalygyny saklamak hem-de ösüp gelýän ýaş nesillere pederlerimizden miras galan itşynaslyk sungatyny öwretmek şeýle il bähbitli işleriň sanawuny artdyrýandygy, asyrlardan aşyp gelýän ýol-ýörelgeler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýändigi barada gyzykly çykyşlar boldy. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan guralan «Dünýä meşhur alabaý» atly kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan Türkmen alabaýy atly kitabynyň üç dilde ýerleşdirilmegi gatnaşyjylarda uly tasir galdyrdy.