logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARY: DOSTLUK WE STRATEGIK HYZMATDAŞLYK KÖPRÜSI

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

17-nji noýabrda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Sammitiň netijeleri sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary türkmen we özbek halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine bardy we bu ýerde “Garaşsyzlyk” ýadygärligine gül goýdy.

Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli açylan bu medeni-dynç alyş seýilgähi ýurtdaky iň iri seýilgähleriň biridir. Döwlet Baştutanymyzy goňşy ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýadygärligiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Heýkel kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy, azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň şekili ýerleşdirilipdir. “Garaşsyzlyk” ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Onuň eteginde: “Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň mizemez hakydasyna” diýen sözler ýazylypdyr. Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha uzalyp gidýär. Munuň özi Özbegistany ösdürmek boýunça hereketleriň strategiýasynyň bäş ileri tutulýan ugruny alamatlandyrýar. Toplumda doganlyk özbek halkynyň baý medeni mirasy, beýik serkerdelerdir esgerleriň, alymlardyr akyldarlaryň şekilleri şöhlelendirilipdir. Ýadygärligiň barelýeflerinde Özbegistanyň taryhynyň esasy tapgyrlary, şol sanda ýurduň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyzlyk döwri aýdyňlyk bilen şekillendirilipdir.


«Türkmenistan» gazeti