logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN-RUS ORTA UMUMY BILIM BERÝÄN MEKDEBINIŇ KÖRPEJE OKUWÇYLARY BILEN EKSKURSIÝA

Şu gün biziň ekskursiýamyz Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýakynda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta umumy bilim berýän mekdebiniň körpeje okuwçylary ekskursiýa geldiler. Kitaphanamyz çagalar edebiýatynyň milli gaznasy bolmak bilen bir hatarda görnüşi we maksatlaýyn işi boýunça çagalaryň hem-de ýetginjekleriň kitaba bolan isleglerini kanagatlandyrmak, neşir önümleriniň dürli görnüşlerine, şol sanda çagalar üçin niýetlenilen çeper edebiýatlara söýgi döretmek işini amala aşyrýar. Kitaphana hünärmenleri ýaş okyjylarda kitaba we bilime bolan söýgüni döretmeklikde alyp barýan işleri barada täsirli gürrüňleri berdiler. Kitaphanamyza ýazylmak bilen körpeje okyjylarymyz özleriniň göwün söýen kitaplaryny erkin gaznadan seçip almak mümkinçiliginden hem peýdalandylar.

Ekskursiýa gelen körpeje kitapsöýüjülerimiz kitap bilen dostlaşmaklykda dana parasatlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.