W.A.USPENSKINIŇ TÜRKMENISTANDA GEÇIREN EKSPEDISIÝALARYNYŇ 100 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda Türkmen milli konserwatoriýasynda W.A.Uspenskiniň Türkmenistanda geçiren ekspedisiýalarynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen saz sungatynyň taryhyndan» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga sungaty öwreniji alymlar, sazşynaslar, Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler W. Uspenskiniň Türkmenistana bolan ylmy sapary, saparyň dowamynda geçiren aýdym-saz ýazgylary, alymyň türkmen halkyna we aýdym-saz sungatyna bolan hormat-sarpasyny beýan edýän ajaýyp ýatlamalary, «Türkmen sazy» kitabynyň sungaty öwreniş ylmyndaky ähmiýeti barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Okanyňda ajaýyp duýgulary oýarýan agramly we ähmiýetli kitabyň awtorlary, türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhyna siňen, kompozitor W. Uspenskä we alym W.Belýaýewe çuňňur hormatlaryny beýan etdiler.
Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bu döredijilik duşuşygyna taýsyz lezzet gatdy.
Aýdym we saz mirasymyz halkyň geçmiş durmuşy, dil baýlygy, däpdir dessury, milli aýratynlyklary bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly hazynamyzdyr. Bu sungat özüniň döredijilik ýoly bilen asyrlaryň dowamynda kämilleşen, taplaşan we halypadan şägirde geçip gelen milli gymmatlygmyzdyr. Halk aýdym-sazlary halkyň ömürlik hemrasyna öwrülip, toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup geldi.
Türkmen toýy bagşysyz geçmeýär. Geçmişde-de, häzirki günlerde-de bagşy türkmen toýunyň iň arzyly myhmany. Çünki, türkmen aýdymdyr sazyň hakyky aşygy. Aýtmaklaryna görä, ussat sazandalaryň, ady belli bagşylaryň toýa gelmegi toýy sungat baýramçylygyna öwrüpdir. Toý günleri bagşy-sazandalar telim günläp halka hezil beripdirler. Göwünleriň posy açylypdyr, gulaklar hoş owazdan ganypdyr. Bagşyly toýuň märekesi hem ýetik bolupdyr. Bagşylar ilhalar aýdymlary ýerine ýetirmekde bäsleşipdirler. Bada-bat saz döretmegiň hem hötdesinden gelýän ussatlar il-halky özüne bendi etmegi başarypdyrlar. Şorta sözler, degişmeler bagşyly toýlaryň şowhunyny has hem artdyrypdyr. Beýle toýlar hakydada durmuşyň gyzykly pursatlary bolup ýatda galypdyr.
Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan aýdym we saz sungatynyň öwreniliş taryhyna nazar aýlanyňda, onda bu ugurda ençeme alymlar, sazşynaslar we sungaty öwrenijiler tarapyndan abyrsyz zähmetiň çekilendigine göz ýetirmek bolýar. Olaryň arasynda folklorçy alym we kompozitor W. Uspenskiý we gündogar sazy boýunça halypa alym W.Belýaýew aýratyn ýatlanylmaga, sarpalanmaga we hormatlanylmaga mynasypdyr.

Mälim bolşy ýaly belli sazşynas W.Uspenskiý 1925-29-njy ýyllarda Türkmenistana saz-etnografik ekspedisiýasyny gurnaýar. W.Uspenskiniň Türkmenistana geçiren bu iş sapary we onuň taryhy-medeni ähmiýetli barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Alym 1925-1929-njy ýyllarda Türkmenistan boýunça üç gezek saz-etnografik ekspedisiýasyny gurnady, şonuň netijesinde-de W.M.Belýaýew bilen bilelikde ýazylan «Türkmen sazy” atly düýpli ylmy iş peýda boldy.
W.A.Uspenskiý tarapyndan gurnalan saz-etnografik ekspedisiýalaryň netijeleri örän ýokary bolup, ol alymlara Türkmenistanyň ähli sebitlerinde halk sazynyň dürli ugurlarynyň ýaýraýşyny we bagşylaryň umumy ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmäge mümkinçilik berdi. Türkmen halk saz döredijiligini öwrenmek we wagyz etmek işinde bitiren hyzmatlary üçin 1929-njy ýylda sazşynasa «Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at berildi».
Ýeňil bolmadyk şertlerde gurnalan bu iş saparynyň dowamynda W. Uspenskiý türkmen bagşy-sazandalarynyň ençemesi bilen tanyşýar, duşuşýar we olardan birnäçe aýdym-sazlary ýazga geçirýär. Şonuň netijesinde «Türkmen sazy» atly kitap neşire taýýarlanylýar. «Türkmen sazy» kitabynyň ýazylanyna ençeme wagt geçen hem bolsa, ol öz gymmatyny hemişe saklap gelýär. Iki tomdan ybarat bolan «Türkmen sazy» kitaby türkmen aýdym-saz sungaty, görnükli bagşy-sazandalar baradaky örän gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Sungaty öwreniş ylmynda bu kitap ilkinji, giňişleýin we düýpli iş hasaplanylýar.
Kitaby türkmen diline terjime eden, kompozitor, sungaty öwreniji alym Suhan Tüýliýewiň jaýdar belleýşi ýaly: «Türkmen sazy» kitaby folklorçy alym we kompozitor, W.Uspenskiniň 1925-30-njy ýyllarda Türkmenistana amala aşyran ylmy saparlarynyň üçüsiniň dowamynda obadyr şäherlere aýlanyp, gören – eşden zatlary boýunça ýazga geçiren taryhy maglumatlary we W. Belýaýewiň şol ýazgylar easynda geçiren ylmy derňewi netijesinde döräpdir”. Alymyň aýdyşy ýaly, kitaby okan her bir adam bu beýik ynsanlaryň türkmen sazyna we halkyna bolan çäksiz hormatyny, söýgüsini hem-de kyn şertlerde janaýaman çeken zähmetini görüp biler.Türkmen bagşyçylyk sungatyndaky halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny, şol döwrüň bagşy-sazandalarynyň saz mirasyny, ýerine ýetirijilik ussatlygyny, aýdym-saz sungatynyň özenini düzýän dessanlar we şahyrlaryň sözlerine düzülen eserler barada halypalardan ýazylyp alnan maglumatlary hem-de türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhyny öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmekde – «Türkmen sazy” kitaby örän uly taryhy ähmiýete eýedir. Kitapda türkmen halkyna we onuň çuň mazmunly aýdym-sazlaryna bolan çäksiz söýgi öz beýanyny tapýar.
W. Uspenskiý Türkmenistana bolan ylmy saparyny 1925-nji ýylyň awgust aýynda Maryda başlaýar. Ol şol ýerde sentýabryň aýaklaryna çenli bolýar we özüniň ähli sergezdançylyklaryna ýaran bolan örän myhmansöýer we ýokary adamkärçilikli, şonuň bilen birlikde hem juda kiçigöwünli, jemgyýetçilik we guramaçylyk ukybyna eýe bolan Muhammetmyrat Nepesliýewiň öýünde myhmançylykda bolýar. Alym bu ýerde halk arasynda belli bolan bagşy-sazandalardan birnäçe aýdym-sazlary ýazyp alýar.
Muhammetmyrat Nepesliýew şol wagtlar 35 ýasyndaky ýigit eken. Onuň özi hem dutar çalyp bilýän sazanda we bagşy bolupdyr, üstesine tüýdük çalmagy hem başarýan eken. Ol türkmen aýdym-sazyny jan-dilden söýýän we onuň ynsan durmuşyndaky ähmiýetine düşünýän adam bolupdyr. Şonuň üçin hem ol Uspenskiý bilen bilelikde kyn şertlerde türkmen bagşy-sazandalaryndan aýdym-sazlary ýazyp almak işine ýakyndan kömek edipdir. Ol guramaçy adam bolansoň bagşy-sazandalary bir ýere jemlemäge hem ökde bolupdyr.
Uspenskiý «Türkmen sazy“ atly bu ajaýyp kitapda M.Nepesliýew barada söz açyp: «Türkmenistan boýunça söken menzillerimiň ähli kynçylyklaryny özüm bilen deň çikeşendigi üçin, türkmen halk saz döredijiligini ýygnamaga, gatnaşan ilkinji türkmen hökmünde türkmen halkynyň aňynda ol hormatly orny eýelemäge mynasypdyr” diýip baha berýär.
Alymyň gadymy Marydan başlanan ylmy sapary ýurduň ähli welaýatlaryny öz içine almak bilen kynçylykly, ýöne üstünlikli tamamlanypdyr. Türkmenistana geçiren ikinji ylmy sapary barada alym kitabyň ikinji tomunda şeýle ýatlaýar: « ... 1928-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aşgabada dolanyp geldim. Şunlukda, meniň Türkmenistandaky ikinji saparym hem tamamlandy”.
W.Uspenskiý «Türkmen sazy» kitabynyň ikinji tomunda: «...tötänleýin myhmanlaryna töründen ýer, ýyly mähir we duz-çörek beren asylly hem myhmansöýer türkmenleri hemişe çuňňur minnetdarlyk duýgusy bilen ýatlaryn» diýip, türkmen halkyna bolan ýürekden çykýan hormatyny beýan edýär.
W. Belýaýew bolsa: «Şu işiň esasynda miladynyň IХ- ХI asyryna degişli Orta Aziýa medeniýetiniň böleginiň görnüşi hökmünde biziň günlerimize gelip ýeten türkmen sazynyň aňrybaş taryhy gymmaty baradaky pikir goýuldy» diýmek bilen kitabyň ylmy gymmatyny tekrarlaýar. Bu sözler kalby kir-kimirsiz, dostana ýürekli, türkmen aýdym-saz sungatyny öwrenmekde we onuň iň ajaýyp nusgalaryny nesillere ýadygär galdyrmakda abyrsyz zähmet çeken bu ynsanperwer ynsanlaryň sungata, sahawatyň eýesi, myhmansöýer halkymyza bolan çäksiz hormatyny açyp görkezýär. Taryhy we tarypy soňsuz bolan türkmen aýdym-sazlary barada gymmatly maglumatlary ýygnap, türkmeniň miras baýlygyna taýsyz goşant goşan folklorçy alym, kompozitor W.Uspenskiniň we alym W. Belýaýewiň özleri hem ilkinji nobatda uly hormata mynasyp adamlardyr.
Goý, dünýä nusga bolup gelen gymmatlyklarymyzyň sarpasyny belende göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar, asuda, abadan ýurdumyzyň geljegi mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin. Türkmeniň çuň many-mazmuna ýugrulan aýdym we sazlary – dost-doganlygyň, parahat we abadan ýaşaýşyň ajaýyp mukamy bolup dünýä ýüzüne ýaň salsyn.
Ogultäç Hojanazarowa
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.