logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen sazandalary «Altyn dombra» halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dostlukly döwletler, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär.
2026-njy ýylyň 29-30-njy oktýabry aralygynda Gazagystanyň Atyrau şäherinde Gazagystan Respublikasynyň halk artisti Azidolla Ýeskaliýewiň hatyrasyna bagyşlanyp, dombrada we üç tarly halk saz gurallarynda çalýan sazandalaryň arasynda «Altyn dombra» atly VII halkara bäsleşigi geçirildi. Halk saz gurallarynda çalýan sazandalaryň arasynda geçirilen bu halkara bäsleşigine Gazagystanyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň sazandalary gatnaşdylar.
«Altyn dombra» atly VII halkara bäsleşigine ýurdumyzdan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Murad Aşirow hem-de bu konserwatoriýanyň Halk sazy fakultetiniň Türkmen sazy hünäriniň 5-nji ýyl talyby Kerim Nyýazow gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler.
Halkara bäsleşiginiň Gran-pri baýragyna, 1-nji we 2-nji orunlaryna Gazagystan Respublikasynyň sazandalary mynasyp boldular. Şonuň ýaly hem halkara bäsleşiginiň 3-nji ornuna Gazagystan Respublikasynyň Atyrau şäheriniň sazçylyk kolležiniň talyby A.Omiržan, Gazagystanyň Kurmangazy adyndaky milli konserwatoriýasynyň wekili A.Jorabekow hem-de ýurdumyzdan gatnaşan M.Aşirow mynasyp boldular.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy M.Aşirowa halkara bäsleşiginiň «III ornunyň Laureaty» diýen hormat haty we 300 000 gazak teňňesi pul baýragy gowşuryldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Kerim Nyýazow bolsa halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş edendigi üçin «Diplom» bilen sylaglandy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallaryna gatnaşmaklary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.