logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen sazandalary Sinandali festiwalyna gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 16-njy awgusty-13-nji sentýabry aralygynda Gruziýada Sinandali festiwaly geçirildi. Bu festiwal Kawkaz ýurtlaryndan we goňşy döwletlerden ýaş sazandalary bir ýere jemläp,olara dünýä derejesinde tanalýan meşhur artistler, dirižýorlar we mugallymlar bilen bilelikde işlemek mümkinçiligini berýär. Festiwalyň esasy bilim beriji platformalarynyň biri bolan Pan-Caucasian Youth Orchestranyň düzümindeTürkmenistanyň ýaş sazandalary hem çykyş etdiler.

Şu ýyl bu festiwalda Türkmenistandan bäş ýaş sazanda, Selbinýaz Mulkamanowa (skripka), Seýran Atanýazow (skripka), Aýlar Annamyradowa (wiollonçell), Döwran Gylyjow (trombon) we Ysmaýyl Sähetmyradow (kontrabas) gatnaşdy.

Festiwalyň ilkinji gününde ähli ýaş sazandalar üçin janly bäsleşik görnüşindäki diňlenişik geçirildi. Şol diňlenişigiň netijelerine görä, sazandalaryň orkestrdäki orunlary we toparlaryň içindäki ýerleşişleri kesgitlenildi. Şeýlelikde, her bir ýaş sazandanyň ornuny saýlamak onuň ýerine ýetirijilik derejesine we diňlenişikdäki netijesine esaslandy.

Olaryň her biri üçin bu festiwala gatnaşmak diňe bir halkara sahnasynda çykyş etmek mümkinçiligi bolman, eýsem, hünär taýdan ösüşiň we sazçylyk biliminiň möhüm bölegine öwrüldi. Birnäçe hepdäniň dowamynda sazandalar intensiw taýýarlyk işlerini, şahsy we toparlaýyn sapaklary, orkestr taýýarlyklaryny hem-de dünýäniň öňdebaryjy orkestrlerinde işleýän tejribeli sazandalaryň ussatlyk sapaklaryny geçdiler.

Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda Selbi Mülkamanowanyň üstünligi aýratyn bellärliklidir. Ol meşhur dirižýor Rafael Payareniň ýolbaşçylygynda ilkinji skripkalar toparynyň konsertmeýsteri hökmünde çykyş etdi. Bu wezipe ýaş sazanda üçin uly jogapkärçiligi talap edýär we onuň professional taýýarlygynyň möhüm görkezijileriniň biridir.

Pan-Caucasian Youth Orchestranyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ýaş sazandalaryň ilki bilen dünýä derejesindäki orkestr sazandalary bilen işleşip, soňra bolsa professional simfoniki orkestriň şertlerinde sahna çykmagydyr.

Türkmen ýaş sazandalary konsertlere belli mugallymlaryň we professional orkestr sazandalarynyň ýolbaşçylygynda taýýarlyk gördiler.

Şol halypalaryň biri Anton Sorokow bolup, ol Wenanyň Simfoniki orkestriniň konsertmeýsteri we Wenanyň saz we ýerine ýetiriş sungaty uniwersitetiniň professorydyr. Ol köp ýyllardan bäri mugallymçylyk işi bilen hem meşgullanýar we dürli halkara ussatlyk sapaklaryny geçirýär.

Taýýarlygyň möhüm bölekleriniň biri hem, Ýewropanyň professional orkestrlerinde uly tejribe toplan Kirill Terentýew bilen geçirilen sapaklar boldy. Şeýle sapaklar ýaş skripkaçylara diňe bir ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge däl, eýsem, konsertmeýsteriň we orkestr sazandasynyň hünär aýratynlyklaryna has çuň düşünmäge mümkinçilik berýär.

Violonçel boýunça ussatlyk sapaklary italiýaly sazanda Amedeo Cicchese tarapyndan geçirildi. Häzirki wagtda ol Rimdäki Accademia Nazionale di Santa Cecilia akademiýasynyň wiolonçel toparynyň solistidir.

Kontrabasçy Ysmaýyl Sähetmyradow üçin bolsa Brendan Kane bilen geçirilen sapaklar aýratyn ähmiýete eýe boldy. Brendan Kane Nýu-Ýork şäherindäki Metropolitan Opera Orchestranyň kontrabasçysydyr.

Şeýlelikde, ýaş türkmen sazandalary öz hünärlerinde dünýä derejesindäki orkestrlerde işleýän, uly sahna tejribesine eýe bolan ussatlardan bilim almak mümkinçiligine eýe boldular. Festiwalyň dowamynda dünýäniň nusgawy saz sungatynyň iň iri eserleri ýerine ýetirildi.

Orkestriň üstünde işlän eserleriniň arasynda Karol Şimanowskiniň 1-nji Skripka konserti, Nikolay Rimskiý-Korsakowyň «Şeherazada» eseri, Lýudwig van Bethoweniň Skripka konserti, Modest Musorgskiniň Morys Raweliň orkestrleşdirmesindäki «Sergiden suratlar» eseri, Gustaw Maleriň 2-nji simfoniýasy, Riçard Ştrausyň «Der Rosenkavalier» suiti we Morys Raweliň «La Valse» eseri bardy.

Şeýle giň we çylşyrymly repertuary taýýarlamak ýaş sazandadan ýokary tehniki ussatlygy, sazçylyk tertibini we dirižýoryň hem-de orkestriň umumy talaplaryna çalt uýgunlaşmak ukybyny talap edýär.

Festiwalyň iň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem dünýä derejesinde tanalýan dirižýorlar we solistler bilen bilelikde işlemek mümkinçiligi boldy.

Festiwalyň maksatnamasynda Gianandrea Noseda, Rafael Payare, Nikolaj Szeps-Znaider, Pinchas Zukerman we Lisa Batiashvili ýaly dünýä belli sungat işgärleri çykyş etdiler.

3-nji sentýabrda Gianandrea Nosedanyň ýolbaşçylygynda orkestr Lisa Batiashvili bilen bilelikde Şimanowskiniň 1-nji Skripka konserti, şeýle hem Rimskiý-Korsakowyň «Şeherazada» eseri ýerine ýetirildi.

6-njy sentýabrda sazandalar Gianandrea Nosedanyň ýolbaşçylygynda meşhur skripkaçy Pinchas Zukerman bilen bilelikde Bethoweniň Skripka konsertini we Musorgskiniň–Raweliň «Sergiden suratlar» eserini ýerine ýetirdiler.
9-njy sentýabrda festiwalyň maksatnamasynda Gustaw Maleriň 2-nji simfoniýasy Rafael Payareniň ýolbaşçylygynda ýaňlandy.

Festiwalyň 13-nji sentýabrdaky jemleýji konsertinde bolsa Nikolaj Szeps-Znaideriň ýolbaşçylygynda Riçard Ştrausyň «Der Rosenkavalier» suite we Morys Raweliň «La Valse» eseri ýerine ýetirildi.

Sinandali festiwaly ýaş türkmen sazandalaryna dürli ýurtlardan gelen ýaş ýerine ýetirijiler bilen bir professional gurşawda işleşmäge, tejribe alyşmaga we dünýäniň meşhur ussatlaryndan bilim almaga mümkinçilik berdi.

Festiwalyň aýratyn gymmatly taraplarynyň biri hem, bilim beriş maksatnamasynyň göni konsert tejribesi bilen utgaşmagydyr. Taýýarlyklardan we ussatlyk sapaklaryndan soň ýaş sazandalar uly sahna çykyp, dünýä derejesindäki sungat işgärleri bilen bilelikde çylşyrymly simfoniki eserleri ýerine ýetirdiler.

Şeýle meşhur dirižýorlar, solistler we mugallymlar bilen işleşmek ýaş sazandalaryň sazçylyk dünýägaraýşyny giňeltmäge, ýerine ýetirijilik derejesini ýokarlandyrmaga we orkestr sazandasy hünärine täzeçe garamaga ýardam berýär.