logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen sungaty halkara derejesinde dabaralandy

Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde, Birinji türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň 29-njy iýuny – 1-nji iýuly aralygynda Baku şäherinde geçirilen medeni çärelere ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti gatnaşdy.

Haýdar Aliýew adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen ylmy-amaly döredijilik duşuşygynda giň many-mazmunly täsirli çykyşlar edildi hem-de sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsertde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor topary meşhur «Küştdepdi» tansyny joşgunly ýerine ýetirdiler. Şeýle hem, dabara gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň bilelikdäki kompozisiýasyna goşulyşyp çykyşlary etdiler. «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor toparynyň artist-wokalisti Atajan Kakaýew TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň aýdymçylary bilen bilelikdäki çykyşlarda hem sungatymyzy giňden dabaralandyrdy. Türkmen milli konserwatoriýasynyň Estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşiýew «Çapyksuwaryň aýdymyny», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýokary derejeli artist-wokalisti, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi Gözel Joraýewa «Gel, Türkmenistana!» aýdymlaryny ussatlyk bilen aýtdylar. Hazar deňziniň kenarynda geçirilen konsertde ýaňlanan aýdym-sazlar, halk döredijiliginden «Halk nagmalarynyň» ýerine ýetirilmegi, türkmen sungatynyň köpöwüşginlidigini açyp görkezdi.

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlary medeniýetleriniň, sungatlarynyň hem-de däp-dessurlarynyň ýakynlygy birleşdirýär. Halklaryň arasynda medeni çäreleriň geçirilmegi dost-doganlygyň dabaralanmagyna, özara medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegine täze badalgalar berýär.

Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.