logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN SURATKEŞLERIŇ DÖREDIJILIK SAPARYNDA TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ GÖZELLIGI

2025-nji ýylyň 24-nji maý 01-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow hem-de «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýew Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäheriniň 2025-nji ýylda türki dünýäniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan geçirilýän Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşyp, iş saparynda boldular. Iş saparynyň esasy maksady döwletleriň biri-biri bilen sungat barada tejribe alyşmak, ýaşaýyş durmuşyny hem-de milli däp-dessuryny döredijilik eserlerinde görkezmegi gazanmakdyr.