logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN SYÝAHATÇYLYK KOMPANIÝALARY TÄJIGISTANDAKY «DITE-2025» SERGISINЕ GATNAŞÝARLAR

Türkmenistanyň öňdebaryjy syýahatçylyk kompaniýalary-«Eşretli syýahat», «Hazar Travel», «Jahana syýahat», «Gadymy Miras», «Halkara syýahat» we «Aşgabat syýahat» 18–20-nji sentýabr aralygynda Duşenbede geçirilýän «DITE-2025» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär.

Serginiň ekspozisiýasy myhmanlary Türkmenistanyň baý medeni mirasy, täsin taryhy ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri bilen tanyşdyrýar we Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden görkezýär.

Serginiň çäklerinde geçirilen maslahatda türkmen wekilleri daşary ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen duşuşyp, tejribe alyşmak, işewür gatnaşyklary berkitmek we täze bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede penşenbe güni açylan DITE-2025 sergisine 200-den gowrak syýahatçylyk kompaniýa gatnaşýar. Olaryň 65-si daşary ýurt kompaniýalarydyr diýip, Täjigistanyň döwlet habarlar gullugy «Hovar» habar berýär.