logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN TAHÝASYNYŇ TARYHY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Türkmen tahýasynyň taryhy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana işgäri biziň milli mirasymyzyň ajaýyp nusgasy bolup, ene-mamalarymyzdan şu günlerimize gelip ýeten türkmen tahýasynyň taryhy hakynda giňişleýin söhbet etdi.

Öz bilişimiz ýaly,öňden gelýän däp-dessurymyza görä tahýalar ýaşajyk oglan-gyzlara, ulylara niýetlenip dikilipdir. Gyz bilen oglana niýetlenen tahýa biri–birinden tapawutly bolup, olara aýratyn nagyş salnypdyr. Şeýle tahýalary geýýän oglan-gyzlar göze has hem ýakymly görünýär. Häzirki wagtda biziň ýaş nesillerimiz şeýle hem ýaşuly adamlar hem şeýle ajaýyp tahýalary geýýärler. Munuň özi biziň türkmen gelin gyzlarymyzyň eliniň çeperliginiň ýene bir subutnamasydyr.