logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ TÄSIN WE AJAÝYP DÜNÝÄSI

TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ TÄSIN WE AJAÝYP DÜNÝÄSI

Türkmeniň öz kalby ýaly arassa çölümiz, saçlaryny ýaýyp duran näzenin gyzlarymyzy ýada salýan sazakdyr selinlerimiz, howasy, tebigaty jana şypa Köpetdagymyz, syrlary asyrlara uzaýan Köýtendagymyz, däli Jeýhun adyny alan Amyderýamyz bar. Şeýle uly we ajaýyp baýlyklarymyzy, ýurdumyzyň ekologik ýagdaýyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ösdürilýär. Ýurdumyzyň goraghanalarynda ýabany haýwanlary we guşlary gorap saklamak, köpeldip, soňra tebigata goýbermek barada ylmy we amaly işler alnyp barylýar. Watanymyzyň diňe ösümlik dünýäsi däl, eýsem üýtgeşik haýwanlary we guşlary hem döwletiň we tebigaty goraýjylaryň ünsünden düşenok.

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň «Türkmen tebigaty» ekspozisiýasynda sülgün guşynyň täze gelip gowşan gäbi ýerleşdirildi. Eziz Diýary¬myzyň tebigaty ösümlik we haýwanat dünýäsine diýseň baý. Türkmen tebigatynyň iň gözel jandarlarynyň biri hem sülgündir. Dünýäde olaryň ýüzelli-den gowrak görnüşi bolup, dördüsi biziň ýurdumyzda ýaşaýar. Sülgün guşy Ewropada, Merkezi Aziýada, Kawkazda, Hytaýda we Ýaponiýada giňden ýaýrandyr. Türkmenistanda suw ýakalary bolan Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar, Etrek, Garagum derýalarynyň ösümlik jülgeleri köp bolan kenar ýakalarynda duş gelýär.Towuklar klasyna degişli bolan bu guşlar oý towuklaryna hem meňzeýärler. Olaryň horazlary adaty bolmadyk gözelligi, ýalpyldap duran ýelekleri çägesöw, goňur, altynsöw mawy reňkleri bolan uzyn guýrygy onuň owadanlygyna has-da görk berýär. Olaryň mäkisi bu owadanlykdan mahrumdyr. Gijelerini baglaryň şahalarynda geçirýän bu guşlar ömrüniň köp bölegini iýmit ýygnaýan ýerlerinde ýorgeläp geçirýärler. Diňe açyk ýerlerde däl, eýsem gür otluk ýerlerde, gyrymsy agaçlaryň arasynda erkin we çalt ylgamagy başarýar.Mart-aprel aýlarynda gyrymsy agaçlarda höwürtgeläp 8-den 18 ýumurtga ýygnap 24-25 günüň içinde jüjelerini çykarýar.

Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitaplaryna girizilen, tebigatda seýrek duşýan hem-de baş sany üýtgäp durýan bu guşlaryň sanyny anyklamak we olary öwrenmek boýunça ýurdumyzda degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle ajaýyp, owadan guşlaryň mekany bolan Watanymyzyň asmanynda diňe guşlaryň owazy ýaňlansyn! Şonuň üçin biz guşlary goramakda görelde görkezmelidiris!