logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN TOPRAGY – BEREKET HAZYNASY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyrylýan belent maksatly işler bu günki gün uly üstünliklere, täze rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe wysal bolýan şeýle giň gerimli işlere-de oba zähmetkeşleri özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şu günler eziz diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gündogar welaýatymyz, gadymy Lebap topragynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy, il sylagly, dili senaly ýaşulularyň bissimillasy bilen gowaça ekişine girişildi. Bu dabaraly çärä oba hojalykçylar, mehanizatorlar, kärendeçiler uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Bu ýerde oba durmuşyny şöhlelendirýän giň gerimli sergiler ýaýbaňlandyryldy. Şolar bilen bir hatarda muzeý gymmatlyklarymyzdan düzülen göçme sergi gurnalyp oňa tomaşa edenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň dowamynda il sylagly ýaşuly nesliň wekilleriniň, işine ezber mehanizatorlaryň, kärendeçileriň gatnaşmagynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Bu gezelenç täsirliligi bilen tapawutlandy. Halkymyzyň gadymyýetden gaýdýan ekerançylyk bilen bagly däp-dessurlarynyň, häzirki zaman oba hojalyk pudagynda ýetilen belent sepgitlerden habar berýän muzeý gymmatlyklary uly gyzyklanma eýe boldy. Olar gezelenjiň dowamynda ýurdumyzda edermen babadaýhanlara, ene ýerden bol hasyl almakda yhlasly zähmet çekýän gallaçy kärendeçilere, halkymyzyň bagtyýar bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Gülnur PYGAMOWA

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri