logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN WEKILIÝETI DUŞANBE ŞÄHERINDE GEÇIRILEN HALKARA SYÝAHATÇYLYK FORUMYNA GATNAŞDYLAR

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň ýolbaşçylygynda wekiliýet topary BMG-Syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwiliniň we Täjigistan Respublikasynyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça komitetiniň başlygy Jamşed Jumahonzodanyň çakylygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 16-18-nji sentýabry aralygynda Duşanbe şäherinde geçirilen syýahatçylyk forumyna we onuň çäginde geçirilen syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar.

Bu çärä ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bolan «Aşgabatsyýahat», «Eşretli syýahat» Hazar ugry, «Halkara syýahat» syýahatçylyk kärhanalary özleriniň syýahatçylyk önümleri bilen gatnaşdylar. Häzirki wagtda ýurdumyzda 200-den gowrak syýahatçylyk kärhanalary ýurdumyzyň raýatlaryna we daşary ýurtly raýatlara syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýärler. Bu kärhanalaryň dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilýän halkara syýahatçylyk sergilerine we maslahatlaryna işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden mahabatlandyrýarlar.