2026-njy ýylyň 10-14-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň birnäçe şäherlerine metbugat saparyny amala aşyrdylar. Bu metbugat syýahat sapary «Türkhowaýollary» kompaniýasynyň, Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hem-de Türkiýäniň syýahatçylygy ösdürmek we ilerletmek agentligi tarapyndan gurnaldy.
Metbugat saparynyň maksatnamasy doganlyk ýurduň dürli sebitleriniň medeni mirasy, taryhy we tebigy gözellikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Saparyň ilkinji güni Balikesir welaýatynyň zeýtun baglarynyň, zeýtun ösdürip ýetişdirmekde däpleri meşhur bolan Edremit etrabyna baryldy we bu ýeriniň täsin tebigaty ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Metbugat saparyna gatnaşyjylar zeýtun ýagynyň muzeýine baryp gördüler. Etrabyň Kaz Daglary milli seýilgähine hem gezelenç etdiler.

Soňra metbugat sapary Çanakkale welaýatynda dowam edip, welaýatda ýerleşýän Troýa şäheriniň we onuň töweregindäki ýerleriň ýadygärlikleri goramak üçin, 1996-njy ýylda döredilen taryhy we arheologik goraghana – Troýa milli seýilgähine baryldy. 1998-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilen seýilgähinde gadymy diwarlaryň, Afina ybadathanasynyň, megaronlaryň, Rim odeonynyň yzlary, şeýle hem, Troýa atynyň simwoliki agaçdan ýasalan nusgasy bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde dürli döwürlere degişli dokuz sany medeni gatlak ýüze çykarylyp, olaryň taryhy üç müň ýyldan gowrak döwri öz içine alýar. Gadymy Troýa Gomeriň "Iliada" dessany we Troýa urşy baradaky rowaýatlar bilen hem dünýäde giňden tanalýar.
Şeýle hem, türkmen wekiliýetine Tevfikiye arheologiýa obasyna baryp görmäge mümkinçilik döredildi. Bu oba sebitiň arheologik mirasy bilen ýakyndan tanyşmak üçin möhüm ugurlaryň biridir. Obanyň Troýa bilen baglanyşygy, Troýa şäheriniň golaýynda ýerleşmegi onuň taryhy-medeni ähmiýetini has-da artdyrýar.
Troýa muzeýine, gadymy Troýa şäherine, Tevfikiye arheologiýa obasyna guralan gezelençler, Türkiýäniň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Bu ýerler Çanakkale welaýatynyň arheologiýa hem-de medeni syýahatçylyk ugurlarynyň möhüm bölegini düzýär. Türkiýe Respublikasynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyran metbugat sapary ýatda galyjy pursatlara beslendi.
Amanmämmet Täçmämmedow,
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň režissýory.