logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN ÝAZYJY-ŞAHYRLARYNYŇ ESERLERI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri» ady bilen sergi guraldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýaty hem belent sepgitleri nazarlap öňe barýar. Ýazyjy-şahyrlarymyz dürli temada, ajaýyp şygyrlary, kyssa we drama eserlerini döredip, edebiýatymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň medeniýet, sungat işgärleri baradaky edýän aladalaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri» ady bilen kitap sergisi guraldy. Bu kitap sergisinde görnükli türkmen halypa ýazyjy- şahyrlarynyň şeýle hem Halk ýazyjylarynyň dürli ýyllarda ýazan eserleri goýuldy. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar bu kitap sergisinden özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.Şeýle hem olar ýazyjy-şahyrlaryň täze ýazan kitaplary bilen tanyş boldular.

Asuda asmanyň astynda şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýandygymyza Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.