logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ EDERMEN KEŞBINI ESERLERINE SIŇDIREN USSAT ÝAZYJY

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda bellenilen iş meýilnamasy esasynda alym zenan, ussat ýazyjy Şirinjemal Geldiýewanyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli «Türkmen zenanlarynyň edermen keşbini eserlerine siňdiren ussat ýazyjy» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Bu baýramçylyk çäresi esasanam oňa gatnaşyjy talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar-watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Edebiýat meýdany - üstünden eýýamlaryň kerweni geçen giňişlik. Edebiýat maddy baýlyk däl-de, altyn-kümüş bilen satyn alyp bolmaýan ruhy hazynadyr. Edebiýatyň gymmaty hem şundadyr. Milli edebiýatymyzyň ýeten derejesine buýsanmak, ony ruhy mirasymyz deý aýawly saklamak mukaddes borjumyzdyr» diýip örän jaýdar belläp geçýär. Milli edebiýatymyzyň ösmeginde ýazyjy-şahyrlaryň bitiren hyzmatlary örän uludyr. Şahyrana kalply, ylym dünýäsiniň ýol-ýodalaryna yzlaryny goýan ussat ýazyjy Şirinjemal Geldiýewanyň hem türkmen edebiýatynyň ösmegine goşant goşan ýazyjylaryň biridir. Çäräniň dowamynda ýazyjy Ş.Geldiýewanyň ömri we döredijiligi ýazan kitaplary, eserleri dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Şeýle hem çärä gatnaşan myhmanlar: ýazyjy zenan Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň mugallymy Bägül Annabaýewa we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň «Miras» žurnalynyň, redaktory, Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Akgül Kaýumowa dagylaryň gatnaşmagynda Ş.Geldiýewanyň eserleri barada we ýakymly ýatlamalary hakynda söhbetler edildi.

Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Alym zenan, ussat ýazyjy Ş.Geldiýewa Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Rawnina şäherçesinde 1936-njy ýylyň 29-njy dekabrynda eneden bolýar. Orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ filologiýa fakultetinde okaýar. Ilki 1960-1962-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde edebi işgär bolup işleýär. Soň aspirantura okuwa girýär we ony tamamlap, 1967-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. 1991-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Ş.Geldiýewa ylmy kitaplaryň hem birnäçesiniň awtorydyr. Ş.Geldiýewa döredijilik işine hekaýa ýazmak bilen başlaýar. Ilkinji hekaýasy 1959-njy ýylda «Başagaýlyk» talyp ýyllarynda çap edildi. Soň onuň hekaýalary «Bahar buşlukçysy», «Ýodadan ýola», «Maýsa» ýaly ýaşlaryň ýygyndylarynda çap edildi. Soň ilkinji powesti 1975-nji ýylda «Leýli» ady bilen özbaşdak kitap görnüşinde neşir edilýär. Soňra onuň powestler we hekaýalar ýygyndylary: «Laçyn» (1978ý.), «Dirilik» (1981ý.), «Ulugyz» (1983ý.), «Yhlas» (1987ý), «Bosagada» (1990ý.), «Synag» (1995ý.) atlary bilen yzly-yzyna neşir edilýär. Ş.Geldiýewanyň eserleri gyrgyz, özbek, täjik, hakas dillerinde çap edilýär. Ýazyjy Ş.Geldiýewanyň eserleri esasanam ýaş oglan-gyzlara durmuşda, söýgi meselesinde öz taýyny tapmaga ýol salgy berýär. Onuň eserlerini okanyňda tebigata bolan garaýşyny, tebigatyň gözelliginden alýan lezzetini öz eserlerine siňdirendigini duýmak bolýar. Şirinjemal Geldiýewanyň ýazan eserleriniň aglaba böleginde iň möhüm öňe sürýän meselesi zenanlaryň edep-ekramy, ar-namysy, päk söýgüde wepadarlyk we zenan mertebesi bolup durýar. Onuň ýazan powestleri esasynda «Miras» radioýaýlymy arkaly birnäçe radio oýunlary döredildi we häzirki günlerde hem halkymyz tarapyndan uly lezzet bilen diňlenýär.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Maral NURYÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri