logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN ŽURNALISTLERI ATATÜRK KÖŞGÜNDE

12-nji maýda türkmen žurnalistleri Türkiýe Respublikasynyň Trabzon şäherine syýahatçylyk gezelenji başlandy. Syýahatçylyk gezelenji Türkiýäniň esaslandyryjysy bolan Mustafa Kemal Atatürkiň taryhy we kaşaň öýi-Atatürk köşgüne gezelenjinden başlandy.

Bu syýahat gezelenje «Medeniýet we syýahat» žurnaly, «Türkmenistan TV4» teleýaýlymy, «Biznes Türkmenistan», «Türkmenportal», «Orient», «News Central Asia», «Atawatan Türkmenistan» internet neşirleriniň wekilleri hem gatnaşdy.

Žurnalistler Atatürkiň durmuşy we alyp baran işleri bilen baglanyşykly şahsy gymmatlyklar, irki mebeller, fotosuratlar we resminamalar saklanylýan muzeýiň içki zallaryny synladylar. Soňra žurnalistler Trabzonyň köçeleri boýunça gezelenç etdiler hem-de kenarýaka şäheriň ýerli binagärligi we gaýtalanmajak gözelligi bilen tanyşdylar. Syýahatçylyk gezelenji dowam 16-njy maýa çenli dowam eder.