logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENI DÜNÝÄ TANADAN AKYLDAR

«Türkmeni dünýä tanadan akyldar» atly söhbetdeşlik. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda şeýle-de «Arkadag» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabynyň esasynda «Türkmeni dünýä tanadan akyldar» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny bölümleriniň aýratynlygyny, şeýle-de türkmen döwletliligini berkarar etmekde nusgalyk işleri bitiren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga hem-de beýleki ençeme taryhy şahsyýetlerimize goýulýan beýik hormatyň aýdyň nyşanydyr diýip, täsirli gürrüň berdiler. Şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Pyragynyň şygyrlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen söz sungatynyň pälwany Magtymguly Pyragynyň sarpasyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.