logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmeniň buýsanjy bedew

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçysynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmeniň buýsanjy bedew» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlekde çykyş edenler eziz Diýarymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegi bolup, türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýynyň ýokdugy, çünki bedewler biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz bolup, ata-babalarymyz ýelden ýüwrük bedewlerimize bolan sarpa – söýgüsini nakyldyr, aýtgylarynda hem öwüşgin bilen beýan edendikleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ajaýyp döwrümiziň buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlermiziň adyny arşa göteren, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, eşretli durmuşda ýaşadýan, halkymyza döwletli döwrany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.