Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmeniň buýsanjy, behişdi bedew» ady bilen Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, şol sanda atçylyk we seýisçilik sungaty bilen bagly bolan ajaýyp däp-dessurlaryny dikeltmek, ösdürmek we yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bagtyýar zamanamyzda toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün däl bedewlerimiziň at-owazasy äleme ýaň salýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.