logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENIŇ GANATY BEDEW

TÜRKMENIŇ GANATY BEDEW

Türkmenistan watanymyzda eýýäm bir näçe ýyl bäri agzybir halkymyz her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramyny uly dabara bilen belleýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, ýurdumyzyň görnükli atşynaslary we seýisleri bilen duşuşyklar, konsertler, bedew aty bilen bagly sportyň dürli görnüşlerinde bäsleşikleri geçirilýär. Ynsan bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary ajaýyp nusgawy eserlerimizde hem giňden şöhlelenýär. Muňa türkmen halk döredijiliginde çuň many-mazmunly, ynsanyň dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolan nakyllardyr, atalar sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. «At agynan ýerde toý bolar», «Irden tur ataňy gör, ataňdan soň–atyňy», «Aty baryň ganaty bar», «Ýüwrük ata baha bolmaz» ýaly ençeme nakyllary döreden merdana halkymyz özüniň ýaşaýyş-durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Sebäbi, ýelden ýüwrük bedewler gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmeniň ganaty we buýsanjydyr.

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli «Türkmeniň ganaty bedew» atly miras teleýaýlymy bilen bilelikde baýramçylyk ýazgysy ýokary guramaçylykly geçirildi. Bu dabara gatnaşan mugallymlar türkmen bedewini wasp edýän ajaýyp aýdymdyr- sazlar bilen çykyş etdiler. Şeýlede Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitaplarynyň sergisi hem guraldy. Dünýä dilleriniň ençemesinde terjime edilen «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Ahalteke bedewi–biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly kitaplar okyjylar köpçüligine ahalteke tohumçylyk bedewleriniň taryhyny we ahalteke bedewlerini ýetişdirmekde häzirki zaman üstünliklerini öwrenmäge, şeýle hem Türkmenistanda atşynaslygyň ösüş döwürleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän kitaplaryň biridir.

Bu baýramçylyk dabaranyň çäklerindäki bolan söhbetdeşlikler örän täsirli we gyzykly ýagdaýda geçdi we dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna şeýle baýramçylyklary ýokary derejelerde bellemäge döredip berýän mümkinçlikleri üçin çäksiz minnetdarlyk we hoşşallyk sözlerini aýtdylar.



Aýgül ÝAGŞYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan artisti