«Türkmeniň sirk sungaty dünýä dolýar» ady bilen Balkan welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe türkmeniň uçar ganatyna deňelýän bedewiniň dünýäde şöhratynyň has-da belende galýandygyny «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň 25-ýyllygyna Monakanyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda guwandyryjy netijeleri gazanyp Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Bu ajaýyp üstünlik behişdi bedewlere sarpa goýan halkymyzyň ýürek buýsanjyny artdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna sapary döwründe geçirilen festiwalda milli atçylyk sungatymyzyň dünýä ýaýylýandygyna aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza içeri we daşary syýasaty goldaýan, dünýäniň halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyga beslenýänligiň aýdyň beýanydyr.