logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENIŇ TOÝY–SAHAWATYŇ NUSGASY

(TOÝDAN ÝETIRSIN)–DOWAMY BAR

Halkymyz dürli şertlere garamazdan kämilleşmegini dowam etdiren we öz milliligini saklan baý we köp görnüşli medeni-taryhy ähmiýetli mirasa eýedir. Olar türkmeniň ýaşaýyş-durmuşy bilen mizemez baglanyşykly gymmatlyklardyr. Gahryman Arkadagymyz: «Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimiz we dessurlarymyz döwürleriň, nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez nusgadyr» diýip belleýär.

Durmuşymyzy dabaralandyrýan toýdur tomaşalarymyz, olaryň şüweleňli geçmeginde uly orun eýeleýän däpdir dessurlarymyz türkmeniň nusgalyk terbiýe mekdebiniň ömürlik hemrasyna öwrülip dowam edip geldi. Şatlykly-şowhunly, ruhubelent sahypalara beslenen toýlar türkmen durmuşynyň bezegidir. Aslynda türkmen söweşde janyny, toýda malyny gaýgyrmadyk halkdyr. Halkymyzyň häsiýetiniň, dünýägaraýşynyň esasy aýratynlyklary hem tutumly toýlaryň üsti bilen ýüze çykýar. «Toýdan ýetirsin», «Toý bolsun», «Gazananyňy toýa harçlamak nesip etsin», «Toýuňyz-toýa ulaşsyn» diýen ajaýyp aýtgylary döreden halkymyz toý tutup, onuň durmuşymyza şatlyk-şagalaň çaýýan däp-dessurlaryny agzybirlik bilen berjaý edýär. «Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn» diýen pähime eýerip ýaşaýan halkymyz toýuny ulus ili bilen toýlaýar.

Toýlaryň içinde täze maşgalanyň döremeginiň özboluşly alamaty bolan durmuş toýy möhüm orun tutýar. Durmuş toýy türkmen maşgalasynyň köp görnüşli toýlarynyň iň tutumlysy, dabaralysydyr. Toýuny dogan-garyndaş, dost-ýar, goňşy-golam, il-gün bilen bilelikde belleýän halkymyz toý dessurlarynyň giden ulgamyny döredipdir. Toý tutmak ilki gudaçylyk dessurlaryny ýerine ýetirmek bilen başlanýar. Ogul öýermek üçin asly halal, il içinde abraýly, edepli-ekramly gyzy bolan maşgala bilen guda bolmak her bir ene-atanyň baş arzuwy. Munuň üçin ilki dogan-garyndaşlar bilen maslahatlaşylyp, gowy maşgalanyň gyzy göz öňünde tutulýar. Halk arasynda giňden ýaýran «Enesini görde gyzyny al, gyrasyny görde bizini» diýen atalar sözi hem şeýle garaýyşlaryň esasynda döräpdir. Gudaçylyga barmak üçin «Her kim öz deňini bilmeli» diýen düşünje hem dowam edip gelýär. Munuň özi gelip çykyşy, hüý-häsiýeti, maşgala ýagdaýy tarapyndan hem iki maşgalanyň derejesiniň deň bolmalydygy baradaky düşünjedir.

Mahlasy ene-ata maşgalasy we oglan bilen maslahatlaşyp, soraşyp-ideşip göwnüne jaýlansoň gudaçylyga çykýar. Gudaçylyga barmagyň, «täze gapy açmagyň» hem halk arasynda kabul edilen öz düzgünleri, edep-kadalary bar. Saçakly gatnaşyga aýratyn sarpa goýýan halkymyz gudaçylyga hem saçakly barýar. Saglyk-amanlyk soraşylansoň «Habarlyja geldik» ýaly sypaýy sözler bilen habarly gelnendigi mälim edilýär. Gyz tarap hem sypaýyçylyk bilen «Soraşaly» diýen jogaby berýär. Şunuň bilen täze garyndaşlyga tarap ilkinji ädim ädilýär.

Ýurdumyzyň käbir etraplarynda gudaçylyga barlanda saçaga iki sany çöregi salyp barýarlar. Eger gyzly öý çörekleri alyp galsa onda, olaryň «Geliberiň» diýdigi. Käbir ýerlerde yrym edip, gyz ýeriniň saçagynyň süýjüsinden 4 sanysyny alyp gaýdýarlar. Onuň «Iki öýüň süýjüligi garyşsyn, gudaçylyk işimiz şowuna bolsun» diýen manysy bar. Guda bolmak üçin ilki habar gatylýar. Ýene bir gezek gelnensoň, guda bolunjak bolsa «Geliberiň» diýilýär.

Gudaçylyk dessurynda sözsüz ýerine ýetirilýän hereketler hem bar. Mysal üçin, käbir etraplarda gudaçylyga barlanda öý eýeleri saglyk-amanlyk soraşyp, oturmagy mürähet edýärler. Orta saçak äberilýär. Oglan tarapdan sözaýdyjylyga baranlar saçagyň üstünde döwülgi çörek bar bolsa ondan döwmeýär. Bitin çörekden döwüp alýarlar. Eger öý eýesi ýarty çörek uzatsa: «Ýok, bitin çöregi uzat» diýilýär. Öý eýesi muňa derrew düşünýär. Olar: «Habaryňyzy aýdyberiň» diýýär. Gudaçylyga gelenler habaryny aýdansoň eger olar söz aljak bolsalar, oglan tarapyň süýjüdir köke düwlen düwünçegini alyp galýarlar we öz düwünçeklerini berýärler. Eger gyzlaryny bermejek bolsalar, oglan tarapyň düwünçegini almaýarlar. Käbir ýerde gyz tarap özlerine gelýänleri daşdan görüp, gudaçylyga gelýändir öýdüp güman etse, olar bilen hem guda bolasy gelmese, gapynyň agzynda sübsäni söýäp goýýarlar. Bu «Siziň bilen guda bolmak niýetimiz ýok» diýen manyny berýär.

Halk arasynda «Gudaçylyga barsaň ojagyň başyny synla» diýlişi ýaly gyza gudaçylyga baran aýallar gyzyň ýaşaýan öýüni synlaýarlar. Düşekler dim-dik galdyrylanmy, gap-gaçlar, taňka-kündükler arassamy, içi suwlumy, howly süpürilenmi, ojak-tamdyr suwalanmy, hatda düşekleriň aşagyny hem galdyryp görýänler bar. Içeri arassa bolsa göwünleri hoş bolýar, hapa bolsa baran ýerlerinden göwünleri geçýär.

Gyz maşgala göze görnüp ugrandan ene-mamalarymyz: «Eliň işden çykmasyn, sesiň ukdan» diýen pähime eýerip, diňe bir biş-düş, tikin-çatyn däl, eýsem gyzlarynyň keçe basmak, dokma dokamak ýaly işlerden hem başynyň çykmagyny isläpdirler we bu gadymy el senetlerimizi gyzlaryna hem öwredipdirler. Eli işli, edaly gyzlar bolsa her kimiň arzuwy.

Gyz tarap hoş söz berensoň, guda bolnup sähet bellenilýär. Sähet bellenensoň toý eýeleri toýy deňli-derejeli, abraýly, sag-aman sowmak üçin maslahat edýärler. Toý tutmak toý çakylygy bilen başlanýar. Sähet bellenensoň obalarda toý çakylygy öýme-öý aýlanylyp aýdylýar. Ýurdumyzyň käbir obalarynda ýörite jarçylar bolýar. Jar çekilensoň hiç kimiň öýke etmäge hukugy bolmaýar. «Toý diýilse, çal kelle togalanarmyş» diýilýäni çyn. Toý çakylygy hemmelerde toýa barmak höwesini döredýär.

Toýa saçakly-sowgatly barylýar. Toýa saçak taýýarlamak hem halkymyzyň iň asylly däpleriniň biridir. Saçak iň mukaddes zat hasaplanylýar. Toýa gidilende hem toý saçagy üçin pişme, gatlama, çörek, ýagly çörek ýaly milli tagamlar taýýarlanylýar. Goňşy-golam, garyndaşlar toý saçagy bilen jübütlenip çatylan atgulaklary hem-de süýjülikleri getirýärler we toý eýesine «Toýuňyz gutly bolsun!», «Agzybiri bolsun!», «Goňşyňyz gutly bolsun!», «Ýaşlar bagtly bolsun! ýaly arzuw-dilegleri edýärler. Saçagyň üstünde düwünçek, jübüt çatylan atgulak, toý süýjüligi bolýar. Toý tutýanlar hem saçagy yzyna boş goýbermeýärler. Oňa toý düwünçegi salynýar. Toý edýän maşgalanyň has ýakyn garyndaşlary toýa gatanç üçin mal, pul kömegini hem berýärler.

Toýa getirilen saçaga toý düwünçegini salmak hem türkmeniň gowy dessurlarynyň biri bolup, mirasy öwrenijileriň hem belleýşi ýaly, ol toýuň süýji tagamyny beýlekilere dadyrýar. Ol düwünçekler toý paýy bilen bile gelýär. Her kim toý düwünçegini toýuň iň gowy alamaty hökmünde kabul edip, «Toýdan ýetirsin» diýip müň arzuw bilen ýüzüne sylyp, kabul edýär, ýagşy umyt bilen toý düwünçeginiň datly süýjüsinden dadýar. Toý düwünçekleri hem türkmen toýlarynyň ömürlik hemrasydyr. Çünki, toý-baýramy söýýän halkymyz «Toýdan topukça» diýip, toýdan paý almagy hem gowulyga ýorýar. Toý düwünçegi göräýmäge kiçijik bir düwünçek, emma ol toý berekedini, şatlygyny, toýuň milli ruhuny paýlaýar. Toý düwünçegi hem toýuň mukaddes nyşany.

Goý, döwletli Diýarymyzda türkmeniň sahawatly ýüreginiň we sahawatly saçagynyň açyklygyny beýan edýän toýlarymyz uludan tutulsyn. Toýuň şowhunly şatlygyny kalba guýýan toý düwünçeginiň datly süýjüsi durmuşymyza hemişe süýjülik gatsyn.

Ogultäç HOJANAZAROWA,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.