logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN BAGTLY ÇAGALYGYŇ ÝURDY

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurdy» atly duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen çagalar bilen ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalar üçin döredip berýän mümkinçilikleri hakynda buýsançly gürrüňler edildi. Çagalar bilen bilelikde arassa howada «Bagtyýarlyk çagalar we sagaldyş» dynç alyş merkeziniň gözel tebigatynda gezelenç edildi.

Duşuşygyň dowamynda çagalaryň arasynda bolsa sesli okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Çagalar üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar çagalar özleriniň alkyşlaryny aýtdylar.