logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Türkmenistan bagtyýar çagalaryň mekany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň abadan, parahat, asuda bolelin durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, bilim-terbiýe almaklary üçin uly işler amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de tomus paslynyň dowam edýän günlerinde çagalara ýatdan çykmajak pursatlar, dürli görnüşli oýunlar, gezelençler gurnalýandygy barada çykyş etdi.

Çäräniň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküleriniň ýaňlanyp durmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.