logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTAN-BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni bolup, dünýäniň ähli beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli seneleriň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylaryny tanyşdyrmak üçin çeperçilik sergisi guraldy. Bu sergide Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandygyny aýdyň görkezýän dürli surat eserleri ýerleşdirildi. Häzirki günlerde bu senä bagyşlanan dabaralar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak işinde dünýä bileleşigi bilen raýdaşlyk bildirip, bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşilýär. Ýaş raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň saglygyny berkitmek, ýokary hilli bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde durmuş goldawyna mätäç bolan çagalara uly üns berilýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gazna durmuş goldawyna mätäç çagalar üçin ynsanperwerlik hemaýatlaryny yzygiderli alyp barýar. Biziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz, hakykatdan hem, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Munuň özi ýaş nesil barada atalyk aladasyny edýän milli Liderimiziň asylly işleriniň aýdyň netijesini döwrebap sagaldyş, dynç alyş merkezlerinde, toplumlarynda görüp bilýäris. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda hem döwrebap toplumlar, seýilgähler, merkezler gurlup halkymyza sowgat edildi.

Garaşsyz, hemişelik Baky Bitarap Watanymyzda Çagalary goramagyň halkara güni parahatçylygy, ynsanperwerligi, dostlugy, raýdaşlygy dabaralandyrýan sene hökmünde aýratyn orun tutýar. Ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň ajaýyp künjekleri bolan Arkadag şäherinde, Gökderede we Hazaryň kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ertekilerdäki köşkleri ýada salýan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup, bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn ösmekleri, çagalyk döwrüni şadyýan, täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilýär. Mukaddes Garaşsyz Watanymyzy şanly wakalar, dabaralar bilen şöhratlandyrýan 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylynda hem bu halkara baýramyň şanyna merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzyň ähli şäherdir obalarynda, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan milli öwüşginli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanyp, şadyýan gülküleri zemini doldurýar. Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň aýratyn söýgi, alada bilen gurşalyp alynmagyna hem-de ýaş nesillerimiziň milli we ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýändir. Arkadagly Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza il-halk, ýurt bähbitli, sebit we umumyadamzat ähmiýetli işlerinde rowaçlyk, üstünlik arzuw edýäris!

Göwher SAPARMYRADOWA
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy