logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ WATANY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Arkaç» söwda dynç alyş merkezinde «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşajyk okyjylarymyzyň gatnaşmagynda «Türkmenistan bagtyýar çagalygyň Watany» atly çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygyny geçirdi.

Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara her ýylyň Iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada täsirli gürrüňleri berdiler.

Ýaşajyk okyjylarymyzyň özleri barada döwlet derejesinde edilýän aladalara, döwrebap bilim-terbiýe almak, okamak, öwrenmek, dynç almak üçin döredilen mümkinçiliklere buýsanyp ýerine ýetiren goşgularynda, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary belentden ýaňlandy.

Dabaramyzyň ahyrynda döwletimiz tarapyndan mähirli aladalar bilen gurşalan ýaş nesillerimiz özlerine baky bagtyýarlyk bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.