Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan meýilnama laýyklykda Türkmen döwlet maliýe institutynda döredijilik işgärleriniň, professor mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde «Türkmenistan bagtyýar çagalygyň ýurdy» atly duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda kitaphana hünärmeni «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy bagtly çagalygyň, bilimleriň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrandygy barada buýsançly gürrüňleri berdi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar diýarymyzy bagtly çagalygyň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.