logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTAN BAGY-BOSSAN

TÜRKMENISTAN BAGY-BOSSAN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Türkmenistan bagy-bossan» ady bilen wagtlaýyn kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisini Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň tejribe geçýän talyplary hem gördüler.

Bu kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri hem-de ýurdumyzda bag ekmeklik bilen bagly syýasatyň alnyp barylmagy hakynda edebiýatlar ýerleşdirildi. Ýaş neslimiz ekologiýany goramak meselesine çekmeklikde, gerekli maglumatlary ýetirmekde kitap sergileriniň uly orny bardyr. Ýurdumyzda her ýyl bag ekmek çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslensin.