logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY»

2026-NJY ÝYLYŇ «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT – MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY DIÝLIP ATLANDYRYLMAGY MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenip, taryhymyza girdi. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak» gün tertibiniň 61-nji bendi bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi halkara jemgyýetçiliginde üçünji gezek ykrar edildi. Bu taryhy waka 2025-nji ýylyň iň buýsandyryjy wakasydyr.

Geçen 2025-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň medeni ösüşiniň köpugurlylygyny gazanmak, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak we öwrenmek, dünýä halklary bilen medeniýetara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, döwletli işlere uly badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeni ösüşini dünýä derejesine çykarmak, halkymyzyň medeni däplerini, dessurlaryny we adatlaryny saklamak we ösdürmek, medeni-taryhy ähmiýetli mirasymyzy öwrenmek, medeni edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek medeniýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup, bu ugurda maksatly işler ýola goýuldy. Medeniýet ulgamynda sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda jemgyýetiň elektron maglumat tehnologiýalaryndan habarly medeniýetini kemala getirmekde amala aşyrylýan işleri täze derejelere göterdi.

Mälim bolşy ýaly, 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýyl üçin «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryň saýlanyp alynmagy tüýs jüpüne düşen çözgütdir.

Halkymyzyň taryhy-ykbaly bedew atlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen öz bedew atyny gardaşy-syrdaşy, maşgalasynyň bir agzasy hökmünde arzylan halkdyr. “Görogly”, “Gorkut” ata ýaly uly göwrümli epiki eserlerimizde hem at ähli wakalaryň hereketlendirijisi, baş gahrymanyň iň ýakyn hemaýatkäridir. Türkmende “At agynan ýerde toý bolar” diýen ajaýyp pähim bar. Bedew bady bilen öňe barýan at agynan eziz Diýarymyzda toýlarymyz toýa ulaşsyn. Hemmelere toýdan ýetirsin.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzda seslenmeler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan bedew batly ösüşleriň mekany» ady bilen geçirilen maslahat hem ýylyň ajaýyp şygaryna bagyşlanyldy. Maslahat Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň iň işjeň agzalaryny bir ýere jemledi. Maslahatda çykyş edenler 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bedew batly, iň şowly, bagtly we düşümli ýyl bolmagyny arzuw etdiler.

Maslahata gatnaşanlar türkmeniň täze taryhy eýýamyny ajaýyp üstünliklere bezäp, eziz Diýarymyzy diňe öňe sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza mizemez jan saglyk, döredijilik üstünliklerini arzuwladylar.


Ogultäç Hojanazarowa

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy