logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ ÝURDY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly At-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Türkmenistan beýik ösüşleriň ýurdy” atly maslahat geçirildi. Gatnaşyjylar watanymyzyň ygrarly ýurt hökmünde, abraý-mertebesi barha belende galýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan “Watan dillerimiziň baky senasy” ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy. Çäräniň dowamynda türkmen halkyny bagtyýar zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsynlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.