logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«TÜRKMENISTAN-BITARAPLYK MEKANY» ATLY GOŞGY ÝAZMAK BOÝUNÇA DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşlere, belent özgertmelere eýe bolýar. Türkmenistanyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň dowamyndaky işleriň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda ýaş nesilleri milli ruhda, Bitaraplyk ýörelgeleri syýasatynda terbiýelemek, olarda bilimiň ähli görnüşleri boýunça düşünjelerini has-da artdyrmak, döredijilik endiklerini we başarnyklaryny güýçlendirmek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ähmiýetli tabşyryklaryndan gelip çykan wezipelerinden ugur alyp, Bitaraplyk hem-de parahatçylyk ýörelgämizi wagyz etmek, şeýle-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde talyplaryň arasynda “Türkmenistan-Bitaraplyk mekany” atly goşgy ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyrda talyp Bitaraplyga bagyşlap döreden goşgusyny labyzly ýerine ýetirmeli, 2-nji tapgyrda talyp özüniň döreden islendik temadaky goşgusyny labyzly ýerine ýetirmeli.

Bäsleşige Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dürli hünärler boýunça bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjy talyplar Ýusup Ýazgylyjow, Ýusup Meredow, Baýramgül Ahmedowa, Aýläle Gulmuradowa, Mähri Tekäýewa, Miýesser Üljäýewa, Ylham Allagulyýew, Altyn Taganowa, Ogulbeg Ýegenowa, Nargiza Berdiýewa, Göwher Haýydawa dagylar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda özleriniň döreden goşgulary bilen üstünlikli çykyş etdiler.

Örän çekeleşikli geçen bu bäsleşik ýörite emin agzalary tarapyndan adalatly bahalandyryldy.

Ýeňiş gazanan talyplara ýörite Diplom we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Eziz Watanymyzda ýaýbaňlandyrylýan ýaşlar syýasatynda ýaş nesilleri milli ruhda, Bitaraplyk ýörelgesi esasynda terbiýelemek, parahatçylykly döwlet syýasatymyzy ýaýbaňlandyrmak hem-de ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ýurdumyzda birnäçe bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle bäsleşiklere gatnaşyp ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


Aýläle Gulmuradowa

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby