logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN DIÝARYM–ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň we bu medeni ojagyň gurnamaklarynda «Türkmenistan Diýarym–ösüşleriň mekany» ady bilen şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenabat şäherinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Çykyşlarda Bitaraplyk ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti we türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýady bolup durýar. Bitaraplyk ýurduň deňsiz taýsyz üstünlikleri gazanmagyny, ýaşaýyş-durmuş we medeni meseleleri netijeli çözülmegini, umumy döwlet, pudaklaýyn we sebitleýin ösüş maksatnamalary, bilelikdäki halk taslamalary üstünlikli ýerine ýetirmegini üpjün edýär. Parahatçylyga, dostluga we hyzmatdaşlyga esaslanan türkmen bitaraplygy diňe bir ýurdumyzyň milli bähbitlerine däl, eýsem, halkara jemgyýetçiliginiň bähbitlerine, howpsuzlygyň global maksatlaryna, durnuklylyga, abadançylyga doly gabat gelýär. Ol Türkmenistana döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny ösdürmäge mümkinçilik berýär diýip bellediler. Kitaphanada guralan «Parahatçylyk kepili-bagtymyzyň gözbaşy» atly kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.