logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«TÜRKMENISTAN DOST- DOGANLYGYŇ MEKANY» ATLY SÖHBETDEŞLIK

«TÜRKMENISTAN DOST- DOGANLYGYŇ MEKANY» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrda «Türkmenistan dost–doganlygyň mekany» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk, medeni gatnaşyklary has-da berkitmek ugrynda alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny dünýä tanatmak şeýle-de dünýä döwletleriniň millilikleri bilen ýaşlarymyzy ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen amala aşyrylýan işler arada buýsançly aýtdylar. Gurnalan kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Höwesjeň çagalar dünýä dillerindäki goşgulary hem labyzly aýdyp berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge türkmeniň milli medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.