Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Türkmenistan–gadymy ýadygärlikleriň mekany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikleriň bardygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de “Nusaý”, “Köneürgenç”, “Gadymy Merw”, “Gökdepe galasy” döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edilen özboluşly muzeýler ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi barada giňişleýin belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini gorap saklamakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.