logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTAN GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ ÝURTLARY BILEN GIŇ GERIMLI HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYR

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

10-njy oktýabrda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy köptaraplaýyn dialog üçin netijeli meýdança bolup, agza döwletleriň arasynda tejribe alyşmak, tagallalary birleşdirmek we häzirki döwrüň derwaýys meselelerini bilelikde çözmek üçin köpri bolup hyzmat edýär. GDA diňe bir ykdysady birleşik bolman, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin hem giňişlikdir. Agza ýurtlar söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, infrastrukturany ösdürmek, tehnologiýalary alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde bu prosesde aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde ynanyşmagy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy diňe bir ykdysady ösüşe goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, has durnukly we abadan giňişligi döretmäge-de şert döredýär.

Ykdysady gatnaşyklar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ulag we logistika ýurtlaryň integrasiýasynda aýratyn orny eýeleýär. Esasy ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan täze ugurlary döretmek üçin infrastrukturasyny işjeň ösdürýär. Ýurdumyzyň“Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy, şeýle hem täze awtomobil, demir ýollaryň gurulmagy Arkalaşygyň ýurtlaryny Hytaý, Ýakyn Gündogar we Ýewropa döwletleri bilen baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalary ykdysady ösüşe itergi bermek bilen bir hatarda, sebitleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga-da ýardam edýär. GDA-nyň çäklerindäki energetika hyzmatdaşlygy energiýa serişdeleriniň ygtybarly eksport ugurlaryny üpjün etmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energetika geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlara işjeň gatnaşmak bilen, Gün we ýel elektrik stansiýalary ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini hem ösdürýär.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň giňişliginde umumy taryhy mirasy gorap saklamaga ýardam berýär. Türkmenistan bilim ulgamynda GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen talyplary hem-de mugallymlary alyşmak babatda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzy bu gurama girýän döwletler bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan Arkalaşygyň çäklerinde däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.


«Türkmenistan» gazeti