Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda ýurdumyzda görülýän taýýarlyk işleri barada «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde täsirli söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek uly göwrümli forumyň çäklerinde gurnaljak medeni-köpçülik çäreleri, maslahatlar, howa menzilinde daşary ýurtlardan gelen myhmanlary türkmeniň milli ýörelgelerine, myhmansöýerlik dessurlaryna laýyk derejede garşy almak, hemme taraplaýyn ýokary derejede guramaçylyk işlerini alyp barmak hakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren iş maslahaty barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanadyp, asudalygy, parahatçylygy, dost-doganlyk ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.