logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTAN HALKARA SÖWDA WE HYZMATLAR ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRÝÄR

29-njy aprelda paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat öz işine başlady. Üç günläp dowam edýän forum önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy, özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze önümçilik toplumlaryny döretmek, içerki bazary ýerli önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiz okgunly ösüşe eýe bolýar. Giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi barha artyp, ýurdumyzyň eksport kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar. Şunda öndürilýän önümleriň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelmegi möhüm talaplaryň biri bolup durýar.

Ýokary tehnologiýalara esaslanýan senagat düzümleriniň, kärhanalaryň yzygiderli gurulmagy ýokary hilli önümleriň öndürilmegini, iş şertleriniň gowulandyrylmagyny we ekologik abadançylygy üpjün edýär. Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynda “işjeňsynçy” derejesiniň berilmegi dünýäniň häzirki zaman ykdysady ulgamynyň ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýerli önümleriň halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

«Türkmenistan» gazeti