HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT SERJIO MATTARELLANYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler.
Türkmen hem-de italýan halklarynyň gatnaşyklarynyň gadymy kökleri bardyr. Beýik Ýüpek ýoly antiki döwürde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Parfiýa imperiýasyny Rim imperiýasy bilen baglanyşdyrypdyr. Marko Polo ýaly meşhur italýan syýahatçylary hem-de söwdagärleri öz eserlerinde türkmen topragy, medeniýeti, däp-dessurlary, meşhur ahalteke atlary we türkmen halylary barada maglumatlary galdyrypdyrlar. Şeýlelikde, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar baý taryhy binýada esaslanýar.
Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky syýasy dialog ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berýär. 2009-njy, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparlary, 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary täze taryhy eýýamda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň berk binýadyny goýdy.
Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Italiýa Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak hem-de parahatçylyk we ynanyşmak meseleleri boýunça BMG-de öňe sürýän köp kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýär. Munuň özi ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigine ýa-da ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň netijeli halkara hukuga ygrarlydyklaryny görkezýär.
“Merkezi Aziýa-Italiýa” formaty özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli platforma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bu formatyň sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň Ýewropada esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde Italiýa möhüm ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň köptaraplaýyn formatda ara alnyp maslahatlaşylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika, ulag we infrastruktura ýaly ulgamlarda mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge we ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy italýan tehnologiýalaryny hem-de maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýär.
«Türkmenistan» gazeti