logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTAN JENNET MEKAN

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň ýaş okyjylarynyň gatnaşmaklarynda Aýazbaba bilen agtyjygy Garpamygy garşyladylar. Bu ýerde Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Täze ýyl baýramyny wasp edýän goşgular uly höwes bilen okadylar we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Täze ýyl her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, arzuwlary we täze maksatlary täsinlik bilen bir ýere jemleýän baýramçylygydyr.Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňladyrylýan baýramçylyk dabaralary bu gün welaýat kitaphanasynda hem uly şatlyk-şowhun bilen guraldy.