logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN – MELHEMLER MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aşgabat şäher häkimliginde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Türkmenistan – melhemler mekany» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýram bolup, Aşgabat şäher häkimliginde “Türkmenistan – melhemler mekany” atly göçme sergi gurnaldy we bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň köp tomly ylmy-ensiklopedik eserleri “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý melhem - hem ylham”, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Türkmenistan – melhemler mekany” atly kitaplaryndan kitap sergi gurnalyp, bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülendigi, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de alym Arkadagymyzyň döwürleri nesilleriň durmuşy bilen baglanyşdyrýan atalyk kitaplary halkymyzyň saglygyny berkitmekde we ony goramakda bahasyna ýetip bolmajak egsilmez çeşmedigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.