logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYGYŇ WATANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistan–parahatçylygyň Watany” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatynyň özenini düzýän döwletimiz goňşy ýurtlar bilen sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar diýip çykyşlarynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri, berkarar Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygy, ata-babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, parahatlyk baradaky ýol-ýörelgeleriniň has-da dabaralandyrylýandygy barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, gurmaga, döretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.