logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ, DOSTLUGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Köpetdag etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň, dostlugyň hem ösüşiň mekany” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Türkmen halkynyň dost-doganlyga wepalylyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna hormat goýmak ýörelgeleri özüniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygy, adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer däplerini dowam etmek hem-de dabaralandyrmak parahatçylyga, özara düşünişmäge we dostluga belent sarpa goýýan milletimiziň ebedi ýörelgesidigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de dünýä giňişliginde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ähmiýetiniň örän ýokary bolan döwründe döwletimiziň daşary syýasatynyň binýadynda duran Bitaraplyk nusgalyk taglymyna öwrülendigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Watanymyzyň dünýädäki abraýyny şöhratlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.