logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde, «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda öňde durýan wezipeler, şu ýylymyzda geçiriljek şanly seneler, Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygy şeýle hem Halkara hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy ösüşlerden ösüşe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.