logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK WE DÖREDIJILIK TAGLYMATYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymatyny dünýä ýaýýar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz rowaçlyklara beslenip, göwünleri galkyndyrýan ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ösüşiň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ýurdumyzda alnyp barylýan giň göwrümli işler halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň seresi bolan bu mukaddes ýol-ýörelgeler bagtyýarlyk zamanamyzda has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak her bir ildeşlerimiz üçin diýseň guwandyryjydygy barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.